SEÝITMYRAT ÖWEZBAÝEW GÖNÜBEKRedaksiýadan1...

38
GÖNÜBEK SEÝITMYRAT ÖWEZBAÝEW Gökdepe söweşine gatnaşan türkmeniň gürrüňi

Transcript of SEÝITMYRAT ÖWEZBAÝEW GÖNÜBEKRedaksiýadan1...

  • GÖNÜBEKSEÝITMYRAT ÖWEZBAÝEW

    Gökdepe söweşine gatnaşan türkmeniň gürrüňi

  • Seniň taryhyň...

    Seýitmyrat Öwezbaýew

    GÖNÜBEKGökdepe söweşine gatnaşan türkmeniň gürrüňi

    Aşgabat - 1991

  • «Turkmenowedeniýe» žurnalynyň 1927-nji ýyldaky birinjisanyndan terjime edildi.

    Terjime eden Nargylyç Hojageldiýew.

    1991-nji ýylda «Altyn guşak» Turkmenistan filialynyň Aşgabatbölümi tarapyndan çap edildi.

    PDF-a geçirildi: 15. Maý 2020

    «Enedilim.com» sahypasynyň kitaphanasy

  • Redaksiýadan1

    Şu makalany ýerleşdirmek bilen, bir zady öňünden aýdypgoýmagy borjumyz hasaplaýarys: 1880 — 1881-nji ýyllaryň gandöküşikli günlerini ýadyndan çykarmadyk türkmeniň beren gür-rüňleriniň, onuň hut özüniň başyndan geçiren duýgularynyňtäsirini ýitirmezligi üçin, daşyndan göräýmäge yzygiderlilik sak-lanmaýan ýalydygyna, beýan edilýän wakalaryň hronologiýadoly laýyk gelmeýändigine, tekeleriň çozuşlaryna artygrak orunberilýändigine garamazdan, bu zatlaryň hemmesi el degrilmängaldyryldy.

    S. Öwezbaýew türkmen halkynyň arasynda aýdylyp ýören ro-waýatlaryň, ýatlamalaryň, hekaýatlaryň hem tymsallaryň gidenbir tapgyryny yzygiderli ýazga geçirmeklige girişdi, bu gürrüňhem şol tapgyrdan kiçijik bir parçadyr. Bu gürrüň patyşa im-perializminiň ýowuz güýji bilen mynjyradylan erkana türkmendurmuşynyň iň soňky hasratly günlerini obrazlaýyn beýan edýär.Bu ýerde öz häkimligi sebäpli ynjalykdan gaçan britan şiriniňhem kölegesi görünýär.

    * * *Aman aga, Amangeldi göni, Gönübek «türkmençilik» zamanasy-nyň ýeke-täk hem iň gowy nusgasydy. Ol syçmaz tiresiniň arapurugyndandy. Nurberdi hanyň birinji geňeşdary hem sag goludy.Onuň pikiri, onuň sözi halkyň, tutuş şo döwür jemgyýetiniň pi-kiri, sözi hasaplanýardy. Ol gatnaşmasa, ýekeje-de uly maslahatgeçirilmezdi. Ol taýsyz sazandady, türkmen sazynyň atasydy,onuň ýaly saz çalyp bilýän adam häzirem ýokdur. Ol ölemen

    1«Turkmenowedeniýe» žurnalynyň redaksiýasynyň belligi.

    4

  • çilimkeşdi. Ol Nurberdi hanyň baştutanlygynda birnäçe atly-ab-raýly gojalary ýanyna alyp, Ahalyň o çetinden o çetine aýlanardy,olar her obada diýen ýaly düşlärdiler, obalar arasyndaky oňşuk-syzlygyň anygyna ýeterdiler, gan duşmanlary ýaraşdyrardylar,dürli jemgyýetçilik hem syýasy wakalar babatda halk köpçüligi-niň pikirini bilerdiler. Şahsy durmuşynda Gönübek kiçigöwünli,pukara adamdy. Sypaýylygy, alçaklygy, hemme kişä deň gözdegaraýanlygy üçin ony hemme kişi sylardy, hormatlardy. Onuňöýi hemişe märekeden doludyr. Ýakyn hem alys obalardan ge-len dost-ýarlary onuň öýünde ençeme günläp ýaşardylar. Onuňöýünde üýtgeşik bir dessur saklanardy. Ilden ilki uklan ýa-daajygan adam masgaraçylyga galan hasaplanardy. Elbetde, onuňöýünde-de uklanardam, iýlibem-içilerdi. Bu ýerde gep başgazatdady. Hemme kişi bir wagtda ýatmalydy, hemme kişi birwagtda iýip-içmelidi. Dürli ýerlerden gelen adamlar ýurt gürrü-ňini ederdiler, öz gün-güzeranlary barada derdinişerdiler.

    Gönübek ýaşlygynda Eýrana gidip, ogurlyk edendigini gür-rüň bererdi. Bir gezek ol ýene-de şol ogurlyk maksady bilenilerki daglardan sag-aman aşypdyr welin, kellesine şeýle bir pi-kir gelipdir: «Birden ýaralanaýsam, elimmaýyp bolaýsa näderin?Birden galan ömrümde bar güýmenjäm, ýalňyz syrdaşym du-tar çalmakdan mahrum bolaýsam näderin?» Ol bu sowallarajogap tapyp bilmän, ogurlygy taşlamagy ýüregine düwüpdir,orta ýoldan yzyna dolanypdyr hem bu pişäni ömürlik taşlapdyr.

    Durmuş ýoluna ogurlykdan başlan Göni soňra päk ýürekliömür sürdi, ömrüni dogry ýolda ahyrlady, Gökdepäni goran köpadamlaryň hatarynda gahrymanlyk bilen şehit boldy.

    Myhmanlar hem gelip-gidýänler üçin ot-iým, un, huruşlykgoýun gerek bolanda, Gönübek ilkinji gabat gelen adamy islen-

    5

  • dik barjamly adamlaryň üstüne ibererdi, zerur zatlaryň hemmesiedil onuň öz ambaryndan ýa-da sürüsinden getirilýän dek, şoldemde taýyn bolardy. Onuň haýyşyny ret etmelidir ýa-da on-dan hak-heşdek soramalydyr diýen pikir hiç kimiň kellesine-degelmezdi, bu zatlaryň hemmesi nähilidir tebigy hem bütinleý ka-daly ýagdaý hasaplanardy, Gönübek üçin zerur zatlaryň barynyýüzüniň ugruna berer goýbererdiler. Onuň köp dost -ýarlary, sar-pasyny saklaýan adamlary özlerinden bilibem ähli gerek zatlarygetirer durardylar.

    Bu adamy hemme kişi sylaýardy, hormatlaýardy, sarpasynysaklaýardy, ol ähli halk geňeşleriniň, maslahatlarynyň hemmelertarapyndan ykrar edilen baştutanydy, halkyň begenen ýerindebegenýän, gynanan ýerinde gynanýan, il-günüň ruhy daýanjybolan bu adam şeýle ýaşapdy, şeýle ömür sürüpdi.

    Ine onuň nähili lebzine berk adamdygyny görkezýän käbirgylyklary hakda gürrüň bereýin. Biz birnäçe ýüz adam bolup,Kerimberdi işan, Nurberdi han hem şol döwrüň birnäçe atly-ab-raýly adamlary bilen bile Gäwers obasyna ýygnandyk. Parslarşol ýere çozmaga taýýarlanýarmyş diýen gürrüň bardy, Näzdepe-de2 bolan wakanyň gaýtalanmazlygy üçinem şol ýere üýşüpdik.Bu ýere ýygnanan adamlaryň hemmesi toparlara bölünişip, obaadamlarynyň öýlerinde ýaşaýardy. Ýörite meýdança arassala-nyp, Kerimberdi işan, Nurberdi han dagy köpsanly namaz oka-ýan adamlar bilen bile şol ýere üýşýärdiler hem namaz okaýardy-lar. Namaz okaýan märeke namaz wagty gaty ümsüm bolsa-da,namaz okap bolanlaryndan soň, meýdançany şowhunly goh-

    2Bamydan 25 kilometrlikdäki oba, 1869-njy ýylda obanyň ähli ilaty Büžnürthöküydary Haýdarguly han tarapyndan girew hökmünde Eýrana sürlüpdir —«Turkmenowedeniýe» žurnalynyň çykgydy.

    6

  • -galmagaldan doldurýardy ýa-da edep saklap, ak-sakgallaryňgürrüňini diňleýärdi. Kerimberdi işanyň Mekgä zyýarata giden-digini, ol ýerden alty aýdan soň dolanyp gelendigini aýtmakgerek. Işan hökmünde-de, haja gidip gelen adam hökmünde-de,umuman takwa adam hökmünde-de ony gaty hormatlaýardylarhem sylaýardylar.

    Biz ikindi namazyny okap bolup, ýerli-ýerimizden butna-man, ýazylyp-ýaýrap agşam namazyna garaşyp otyrdyk. Menöň hatarda Gönüden çepräkde otyrdym. Kerimberdi işan ondan--mundan gürrüň edip oturyşyna, Gönübegiň hemme taraplaýynbir kössüz adamdygyny, ýöne onuň ýekeje kemçiliginiň bardygy-ny— ölemen çilimkeşdigini, eger şojagaz kemçiligi hem bolmasa,ony perişde hasap edäýmelidigini, ony bu ýaramaz endigindenel çekmäge yryp bilse, muny özüniň uly iş bitirdigi hasap etjek-digini, bu sogap işi ak pata bilen berkitjekdigini aýtdy. Onuňbu sözleri oturan adamlaryň barynyň ünsüni çekdi. Şol wagtNurberdi han özüniň adaty batly sesi bilen şeýle jogap berdi:

    — Tagsyr, siz haýyş etseňiz, Gönübek çilimini goýar. Bizemsiziň haýyşyňyza goşulýarys. Pataňyzy beriberiň, tagsyr! Ilat,eliňizi göteriň!

    Işan bilen hanyň baştutanlygynda, oturanlaryň bary eliniýüzüne ýetirdi. Diňe Göni ýüzüni ak-tam edip, elini götermän,sarsman otyrdy.

    — Eliňi göter, hajy işanyň patasyny kabul et! — diýşip, dürlitarapdan seslendiler.

    — Eliňi göter! — diýip, han batly gygyrdy. Göni sarsmanotyrdy.

    — Razy bolaý! — diýip, işan ýalbaryjy ses bilen aýtdy.Ýöne hiç zat peýda etmedi. Oturan adamlary bu oňaýsyz

    7

  • ýagdaýdan Muham diýen biri halas etdi. Ol birneme öňrägesüýşdi-de:

    — Işan aga, şol pataňyzy maňa beräýiň! Ine men çilimimigoýýaryn! — diýdi.

    Şeýdip, işanyň hem bu ýere üýşen mähelläniň patasy Muha-ma berildi, şunuň bilenem bu gelşiksiz ahwalat tamam boldy.Işan bilen hanyň at-abraýy-da, bu ýere üýşen uly mähelle-deGönini ýan bermäge mejbur edip bilmedi. Ertesi ol öz bolşunyňsebäbini düşündirip şeýle diýdi:

    — Men çilim çekmämi goýup biljek däl... Eger goýup bil-sedim, onda ilki bilen özüm üçin goýardym. Çilimi goýmagarazylyk berip, pata alyp, aradan sähel wagt geçmänkä hem äh-dimi bozmak meniň başarjak zadym däl. Ýagdaý nähili agyrhem ýakymsyz bolsa-da, men etmejek zadyma dil ujundan sözbermekden ýüz dönderdim. Nurberdi hanyň bolşy degnamamazaly degenem bolsa, men oňa gahar edip biljek däl.

    Gurbanmyrat işan bilen arasyna jetlik düşenden soňam olöz diýeninde gaty berk durdy. Gurbanmyrat işan Nurberdi hanMara gidende, onuň ýerine Ahala han bolmaga synandy. Olhakykatdanam han diýlip yglan edildi, oňa Soltan Sanjar ma-zy3 diýlip at berildi. Bu işiň soňy Tilki hem Ganjyk obalarynyňarasynda gan dökülmegi bilen gutardy. Gurbanmyrat işan hanbolmak synanyşygy şowsuz gutarandan soň, il gözünden düşen-digini bildi hem şol Kerimberdi işandan özüni Gönübek bilenýaraşdyrmagy haýyş etdi.

    Gönübek tutuş märekäniň arasynda, Gurbanmyrat işanyňözi hem barka:

    3Mazy - geçen, öten.

    8

  • — Men Gurbanmyrat işana elimi bermen, bu dünýede-de, odünýede-de onuň ýüzünem göresim gelenok. Bar töwellaňyzbiderek — diýip, aç-açan aýtdy.

    Gurbanmyrat işanyň uzadan eli uzadyşyna galdy.— Haýyş edýän, meniň hatyrama, şu märekäniň hatyrasyna

    eliňi uzat! — diýip, Kerimberdi işan ýalbardy.— Men dünýede hiç bir adamyň hatyrasyna musulmanlar

    arasynda bigünä gan dökülmegine sebäp bolan ýaramaz adambilen ýaraşmaryn. Işanlyg-a beýlede dursun, ol adamam däl.

    Mundan soňky töwellalaram hiç peýda bermedi. Aýal-erkektutuş ilat ruslara garşy göreşe galanda, Gönübek galany goraýjy-lary hemişe uly edermenlige ruhlandyrdy.

    Biziň goňşy ýurtlar bilen nesilme-nesil alyp baran göreşleri-miziň arasynda ruslara garşy göreşimiz iň agyr, iň gan döküşikli,iň gaýduwsyz göreş boldy. Galanyň diwarlarynyň eteginde, için-de, guma tarap gaçylyp gidilen ýolda, gala goralanda, ýykylanda,ol alnandan soňky üç günüň dowamynda 15 müňdenem köpadam öldi. Biziň ähli emlägimiz dargady. Ýesir düşen çaga-ly aýallarymyzyň, ýöne çagalarymyzyň özleriniň her haýsy birýurtdan çykdy, ýeňijileriň, biziň başymyza düşen bet-bagtlykdanpeýdalanan goňşy duşmanlarymyzyň elinden-eline geçdi. Güý-çler deňär ýaly däldi. Ýeňlen adamlaryň başyna nähili günleriňdüşjegi hemme kişä-de, her bir adama-da äşgärdi. 12-nji ýanwar,sowuk gyş güni biziň erkana ýaşaýşymyzyň iň soňky güni hemtürkmençiligiň mazara dykylan güni boldy. Şol elhenç gündenbiziň tutuş köne durmuşymyzyň harabalygynda ösüp ugran täzedurmuş başlandy.

    «Täze», halk üçin agyzdyryk bolan durmuşyň nähili betbagt-

    9

  • çylykdygyna göz ýetirilmegi, ýeňilmekden nähili ejir, sütem,maddy hem moral ýitgiler çekiljekdigine göz ýetirilmegi galanygoraýjylara güýç-kuwwat berýärdi, olary uly gahrymançylyga,janaýamazlyga, «öz-özüni heläklemäge» ruhlandyrýardy. Elbet-de, ol günleriň «öz-özüni heläklemegi» biziň günlerimizdäki«öz-özüňi heläklemek» däldi. Güýçleriň deň däldiginiň, biziňahyr soňy hökman bagtymyzyň ýatjakdygynyň şol betbagtçylyk-ly günden has ozal aýdyň bolandygyny aýtmak gerek. Şeýle-debolsa galany gaýduwsyzlyk bilen goramagymyzy dowam etdir-ýärdik.

    Iňlis wekili, olaryň adyndan gürlän adam4 ýarag kömeginiberjekdiklerini wada etdi. Emma ahyryna çenli şol kömek diýil-ýän gelmedi. Ýowuz günler golaýlaşýardy... «Ölenler ozdurdy,olar öz işlerini bitirdiler, şonuň üçinem olar rahat, bagtyýar, ba-symrak ölseňdiň... Bu elhençligi... masgaraçylygy... depelenmegigörmeli bolmasady» diýen pikir beýniňe barha pugta ornaşýar-dy. Haýwana mahsus gorky duýgusy ýatdan çykypdy, ýigitlerýaýdanman çozuşa gidýärdiler, özem hiç zatdan heder etmän, özwepat bolan ýoldaşlarynyň jesediniň üstünden geçip gidýärdi-ler. «Ýaşanyňdan öleniň ibaly» diýen pikir uludan-kiçä hemmekişiniň aňyna ornapdy.

    Käbir pursatlar, käbir ýagdaýlar edil şu günki ýaly boluphakydamda janlanýar. Ýadyma düşýär, bulutsyz, güneşli gündi.Meniň ýaram ýagşylaşýardy, ýöne entek bütinleý bitip gitmändi.Galanyň içine tüpeň oklary düşüp durdy, käte bolsa granat ýa-rylýardy. Çagalar ylgaşyp, ok çöpleýärdiler, olaryň atalary bolsa,elleriniň boş wagty ol oklary eredip, öz hyrlylary üçin togalakseçme guýýardylar. Bu işiň soňy käbir çagalar üçin ölüm bilen

    4O’Donovan. "Türkmenowedeniýe" žurnalynyň çykgydy.

    10

  • gutarýardy, şeýle-de bolsa, ok çöplemek zerurdy, çagalaryň güýjiýetýän bu iş dowam edýärdi. Ruslar galanyň diwarlaryna golaýgelipdiler. Adamlaryň bolşundan, gürrüňlerinden duşmanyňalkymlap gelmeginiň nähili howpludygy bildirip durdy. Mentümden daşaryk çykdym. Kim eli gylyçly, kim pyçakly, kim taýa-gyň ujuna daňlan gyrkylykly, galanyň diwaryna tarap barýardy,kimler ylgaýardy. Tüpeňi, pistoleti bar adamlaryň bary eýýämşol ýerdedi hem duşmana ok ýagdyrýardy. Men duşumdangeçýän adamlaryň her birini oňat dilegler bilen ugradýardym,olaryň tutuk ýüzlerine syn edýärdim.

    Segsen ädim takmyn öň ýanymdan bir garry aýal maňa tarapgelýärdi. Ol ýaňy tamdyrdan çykan çörekli kerseni ýanbaşy-na göterip gelýärdi. Ol töwerekde bolup geçýän wakalara-da,oklaryň juwwuldysyna-da başynam galdyranokdy. Men gap-dalymdan ylgaşyp barýan adamlary ýagşy dileg bilen ugradypdurşuma bar zady unudypdym. Men ýene eli çörekli gelýängarry aýala tarap seredemde, onuň ölüp ýatandygyny gördüm.Ol gyzgyn gan daman üýşmek çöregi göwresi bilen ýarym ýa-pyp ýatyrdy. Onuň duşundan ylgaşyp geçip barýan adamlarýatan jesediň ýanynda saklanýardylar. Çommalyp oturýardy-lar-da, gana boýalan çörekden bir bölejik döwüp alýardylar, onyagyzlaryna atyp:

    — Hudaý jan, bize-de şunuň ýaly aňsat ölüm ber-dä! — diý-şip, öz ýollaryna gidýärdiler.

    Başy dik gaýdyp gelenler gaty az boldy, köpüsi ýaralanypdy,maýyp bolupdy. Gidenleriň bir bölegi bolsa baky rahatlyk tapdy,näme bolarka, nähili masgaraçylygyň üstünden barlarka diýenejirli garaşmadan dyndy. Kä o ýerde, kä bu ýerde mergenleriňyzyndan suw eltip berýän ýa-da getirilenmaslyklaryň arasyndan

    11

  • öz hossarlarynyň jesedini gözläp ýören aýallar görünýärdi.Şol günlerde Gara batyr — haýsy tiredendigini, haýsy urug-

    dandygyny bilemok, — duşman okundan heläk boldy. Onuňnähili heläk bolanyny özüm görmedim, ýöne gözi bilen görenadamlardan eşitdim.

    Uzakdan ruslaryň garymlary hatara uzalyp gidýärmiş. Olar-dan sag gapdalrakda atly kazaklar topar tutup durmuş. Käte-kä-te atyşyk sesi eşidilýärmiş. Duşmanyň okuna juda seýrek jogapberýän galany goraýjylar öz aralarynda ruslaryň nähili hereketetjekdigi barada pikir alşypdyrlar. Geçen gijeki çozuşyň şow-ly bolandygy hakda, alnan olja hakda gürrüň edipdirler. Gijeçuw ýalaňaç bolup duşmanyň arasyna aralaşan, garawulyň ýany-na duýdansyz baryp, gylyç bilen ony çapan hem berdankasynyolja alyp, sag-aman dolanyp gelen birini ýatlapdyrlar. Başga--da şonuň ýaly üç sany adamyň gije duşmanyň garymlarynyňdaşyndan aýlanyp, olaryň ýeňsesinden gelip, uklap ýatan ikisany ofiseri hem üç sany soldaty öldürendikleri hakda gürrüňedipdirler. Olar iki sany rewolwer, üç sany tüpeň we öldürilenadamlaryň ädiklerini olja alyp, sag-aman dolanyp gelipdirler.Öldürilenleriň ikisiniň ofiserdigini rewolwerlerden hem olaryöldüren ýerlerindäki çadyrdan bilipdirler. Munuň ýaly şowlulykbagtyň getirdigi hasap edilýärdi, ozaly bilenem edermen ýigitle-riň batyrlygynyň netijesi hasap edilýärdi. Şonda Diňlidepäniňedil alkymynda bir tümüň üstüne granat düşüp, dört adamyöldürendigini hem ýatlapdyrlar.

    —Ajal kastyňa çyksa, nirede bolsaňam tapar. Ajalyň ýetmese,her ýerde bolsaňam, her hili ýagdaýa düşseňem aman galarsyň— diýip, goja mergenleriň biri aýdypdyr.

    —Hudaý öz amanadyny diňe gerekwagty alar, bu diňe onuň

    12

  • islegine baglydyr — diýip, ol sözüniň ahyrynda aýdypdyr.— Eger men onuň amanadyny eltip öňünde goýsam, ol al-

    mazmy? — diýip, Gara batyr sorapdyr.— Beýdip bilmersiň — diýip, mergen jogap beripdir.— Bu adamyň elindäki zat däldir.— Ine şu gün, hut häziriň özünde men oňa amanadyny gow-

    şuraryn. Ol islese-de bererin, islemese-de.Gara batyr şeýle diýipdir-de, gala tarap gidipdir, sähel salym-

    danam atyna atlanyp gelipdir. Elindäki naýzasyny hem ýapyryb-rak tutupdyr. Ol galanyň günorta derwezesinden geçip, onuňdiwarynyň etegini syryp, oturan hem gyşaryp ýatan ýoldaşlary-nyň ýanyna barypdyr. Olara:

    — Görüň, men häzir hudaýa amanadyny tabşyrmaga gidýä-rin. Islese-de bererin, islemese-de — diýipdir.

    Onuň aýagynyň astynda ajaýyp dor aty bar eken. Ol eýeretarap ýapyrylypdyr-da, atly kazaklara tarap ok ýaly atylypdyr.Yzynda galanlar oňa bilesigelijilik bilen syn edipdirler. Ruslaryňgarymlaryndan ok atylmasy artypdyr. Kazaklar şol öňküsi ýalytopar tutup durmuşlar. Gara batyr olaryň ýanyna ýüzin salypbarypdyr-da, şobada ikisini atdan agdarypdyr. Uzakdan Garabatyryň hemme hereketini aç-açan synlamak mümkin bolman-dyr, ýöne duşmanyň başyna düşen başagaýlyk gaty uly bolupdyr.Birnäçe kazak atdan agypdyr, birnäçesi bolsa atyny ýüzin saldy-ryp gaçyp sypypdyr.

    Gara batyr gala tarap yzyna dolanypdyr. Ona tarap ok ýagdy-rypdyrlar. Ol atyny peýwagtyna öňürdigine goýberip, galanyňdiwaryna, gürrüňleşip bolar ýaly aralyga gelipdir. Şol ýerde hemol atyndan agyp gaýdypdyr. Duşman oky degen pursadyndaonuň ömür tanapyny şarta ýolupdyr.

    13

  • Gara batyryň edermenligine haýran galyp duran ýoldaşlary-nyň bar keýpi gaçypdyr, olar Gara batyryň jesedini ýygnamagyňugruna çykypdyrlar.

    Ol öz sözünde durdy, şehit boldy — diýip, ony göterip gel-ýänleriň biri aýdypdyr.

    Ajal onuň yzyndan ýetdi — diýip, Gara batyryň jesedinigetirmäge kömekleşip, onuň atyny iýdip gelýän goja mergenaýdypdyr.

    Hasrat uzaga çekmändir, şo demde gamgynlyk adamlaryňýüzünden syrylypdyr. Sebäbi Gara batyr ençeme agyr günleriňhem gijeleriň azabyndan dyndy ahyry! Şunuň ýaly, şuňa meňzeşedermenlikler — öz-özüňi heläklemek gaty köp bolupdy.

    Kepeläniň köri ady bilen meşhur iki gözi hem kör bagşy gala-nyň ýykylan güni gykylyk-galmagalyň gelýän tarapyna ylgapdyr.Ýöne ol betbagt görgüli özüniň gaçjak bolşundan peýda ýokdu-gyna derrew göz ýetiripdir. Ol ölenleriň jesedine, ýaralylaryňgöwresine, çukurdyr tümmege büdräp, iki ädiminiň birinde ýy-kylypdyr.

    — Il-gün, ýurt hakdaky iň soňky aýdymymy aýdaýyn — di-ýipdir-de, ol oturyp, dutaryny gabyndan çykarypdyr, sesiniňýetdiginden aýdyma gygyrypdyr. Emma ajal oky onuň aýdymy-ny ortarasyndan ýolupdyr. Gulagyňy gapyp gelýän top-tüpeňsesiniň, dumly-duşy gaplap alan ýangynyň, elhenç zenzeläniň,aýallaryň hem çagalaryň agy-nalasynyň, güpür-tapyryň arasyn-da Kör bagşynyň aýdymy erkana, kakabaş türkmençiligiň so-ňunyň gelendigi hakdaky endamyňy tikeneklediji pygan bolupýaňlanypdyr.

    Şol wagtky ýagdaýyň çykgynsyzlygy, muňa hemme kişini-ňem gözüniň ýetikligi hakda Guba şahyr diýen biri hem aýdyp-

    14

  • dyr.Amangeldi göni hemme wagt, hemme ýerde häzirdi.

    Ruslar ilkinji gezek çozanlarynda, gala entek gurlup gutaryl-mandy. Ähli maşgalalar öýlerde, çatmalarda, tümlerde galanyňiçinde ýaşaýardylar. Ruslaryň hüjümleri galanyň diwarynyň daşýüzünde yzyna serpikdirilýärdi. Gijelerine duşmanyň üstünenobatma-nobat hüjüm edilişi ýaly, gijelerine galanyň daşyna hemnobatma-nobat güýçli garawul goýulýardy. Galada aksakgal-lar bir onuňka, bir munuňka ýygnanyşyp, bilelikde nähili zerurçäreleri geçirmelidigi barada maslahat edýärdiler. Başga çäre-ler bilen bir hatarda, biziň Garrygalanyň ýanynda parslardanbasyp alan ýalňyz topumyzy Änewden Gökdepä geçirmeli edil-di. Änew hemişe biziň gowşak ýerimiz hasap edilýärdi. Bizgolaýda parslary ol ýerden kowup çykarypdyk. Ol ýerden kow-lan ilat öz hanlaryndan jeza beriji ekspedisiýa döretmegi hemÄnewi ýene-de basyp almagy köp gezek haýyş edipdi. Biz ýe-keje topumyzy howp abananda, golaýdaky obalary habardaretmek üçin şol ýerde goýupdyk. Top sesi çykan badyna, her kimhiç zada garaşman, ýarag şaýyny tutup, Änewe kömege ýetiş-melidi, golaýdaky beýleki obalara hem çapar ibermelidi. BizÄnewi alanymyzdan soň, ikinji ýyl bir gezek şunuň ýaly duý-duryş berenimizde, ol ýere sekiz müňe golaý atly ýygnanypdy.Ine şol topy hem Gökdepä getirmeli edildi. Mundan başga-dadäriniň bahasyny gymmatlatmagy, artykmaç ýarag saklamagygadagan etmek karar edildi. Abdylla ussa topa ok guýar ýaly,döwük kündükleri hem gazanlary hökmany suratda oňa tab-şyrmaly edildi. Ýene-de watana wepalylyk barada, ony «kapyr»ruslardan gaýduwsyz goramak barada ählihalk kasamyny kabul

    15

  • etmeklik karar edildi. Buharadan, Hywadan biziň bolşumyzymakullaýan habarlar gelýärdi.

    Uruş hereketlerine başlanmazynyň öň ýanynda geçirilen ul-lakan maslahatda Hanmämmet atalyk (syçmaz) bilen Orazmäm-met han (beg) uruşmaga garşy gürlediler, öz pikirlerini güýçleriňdeň däldigi bilen, türkmenleriň ýaragynyň ýokdugy bilen, güýç-leriň hem serişdeleriň gatnaşygy şeýlekä hökman agyr netijeleriňüstünden baryljakdygy bilen esaslandyrdylar. Olar özlerine gep-leşik geçirmäge ygtyýar berilmegini teklip etdiler, ilata bolsa,maşgalalaryny guma göçürip, şol ýerde gepleşikleriň netijesinegaraşmagy maslahat berdiler. Gepleşikler başa barmasa, urşykiçijik toparlara bölünip alyp barmaly diýdiler. Olaryň pikiriçe,gala salyp oturmagyňam geregi ýok eken. Olar galanyň salynma-gy hem ilatyň bir ýere ýygnalmagy basybalyjylaryň işini aňsat-laşdyrar diýdiler. Özlerine ygtyýarly kyrk adamyň berilmeginihaýyş etdiler.

    Maslahata ýygnananlaryň aglaba köpüsi olaryň pikirine gar-şy boldy. Olar ruslar yslamyňmüdimilik duşmany, olar bilen bileýaşaşmak mümkin däl, ýurdumyzy tükeniksiz gandöküşiklikbilen juda gymmat satyn aldyk, biziň daş-töweregimiz aç-açanhem gizlin duşmanlardan doly, bu ýerden gidere başga ýer ýokdiýdiler. Biz öz ýurdumyzda otyrys, ruslara azar beremzok, olarbilen şärik zadymyz ýok, olara bizden näme gerekmiş? Onsoňamdünýäde Russiýadan başga Angliýa, Türkiýe, Fransiýa, Hytaýýaly döwletlerem bar ahyry, olar ruslara edenini edip ýörmä-ge ýol bermezler. Biz gala gurup, ähli garyndaşlarymyza hemgoňşularymyza kömek sorap ýüz tutmaly. Biz galanyň içindeöz ýurdumyzy gorap, öz maşgalamyzy gorap, tä iň soňkymyzaçenli ölmeli, ýöne özümize agyzdyryk saldyrmaly däl. Biziň

    16

  • topragymyz goralmagyna hem pida çekilmegine haklydyr. Ähligorkaklar, ikirjiňlenýän nalajedeýinler, ylalaşyjylar, urşa, goran-maga garşy çykýanlar halka, ýurda hem musulmançylyk işinedönüklik edýän adamlardyr. Iň soňunda hem biz türkmenlerduşmandan gaçyp gidiberer ýaly Buharanyň, Hywanyň gorkaknökerleri däl ahyry.

    Birnäçe ýyl şondan öň Kerimberdi işan bilen bile Mekgedengelen araplardyr türklerem öz-özüňi saklamak hem yslamyňumumy işini goramak üçin ruslar bilen gaýduwsyz göreşmegiňzerurdygyny aýdypdylar. Ruslar öňlerem bu ýerlere aralaşjakbolup telim gezek synanyşyp görüpdiler. Ýöne otrýadlary paý-hynlanansoň, olar yzlaryna gaýdypdylar. Bu gezegem, eger bizgaýduwsyzlyk bilen pugta dursak, ruslar giderler. Eger biz olarbilen gepleşiklere başlasak, gowşaklyk etsek, ýaýdansak, ondaruslar hemişelik galarlar, özleriniňkileri getirerler hem bizi barzatdan mahrum ederler. Biz şonda näderis? Iňlisler ýarag kö-megini etmegi wada berýärler. Eger ähli maşgalasyny bir ýereýygnamasak, türkmenler uruşmazlar. Iň ahyrynda hem goýmaşgalalarymyz biziň bilen bile heläk bolsunlar, bary bir olarbizden soň olja bolarlar. Raýat bolmagyň nämedigini biz bu güngörmeli däl. Hatda dinibir halkdan hem onuň hökümdaryndan(Horezm) sütemden, paç-hyraçdyr kemsidilmekden başga görenzadymyz ýok. Ruslar näme ondan gowudyr öýdýäňizmi? Olarymamynyň baştutanlygynda Kawkazyň ýaryny parçalapdyr diý-ýärler. Musulmanlar Ruma (Türkiýä) gaçyp gitmäge mejburbolanmyşlar. Iňlis patyşasy ruslary halanokmyş diýýärler.

    Urşuň tarapdarlarynyň, halkyň aglaba köpçüliginiň aýdanzatlary şunuň ýalydy.

    — Men ruslary halamok — diýip, Atalyk aýtdy. — Men ola-

    17

  • ryň kimdiginiHywada görendirin. Men hywalylar bilen ruslaryňurşuna gatnaşdym ahyry. Meniň watana-da, dini ygtykada-dagarşylygym ýok. Meniň öz ykbalymyza, maşgalamyzyň ykbaly-na nebsim agyrýar. Men başga zat aýtjak däl. Eger gerek bolsa,men siz bilen bile ölerin.

    Märekäniň allajy nazary hem goh-galmagaly Atalyga uzakgürlemäge maý bermedi. Onuň yzyndan Orazmämmet hangürledi.

    — Ýurtlar hem halklar kasam bilen däl-de, top bilen, tüpeňbilen goranýarlar — diýip, ol gürläp başlady. — Kasam, ant,soňam lebziňden dänmek, ýurdy saklaman, gaýta weýran ed-ýär. Men özümizi, ýurdumyzy, çagalarymyzy hem aýallarymyzyşeýle aýylganç ejire sezewar etmäge hiç hili zerurlyk ýokmukadiýýärin. Ruslar biziň öňki sanyna bakman gyran parslarymy-zam däl, tatlarymyzam däl. Eger siz bu gün öz guran toprakgalaňyz bilen ruslara garşy durmak isleýän bolsaňyz, bu siziň ýerýüzünde galdyran iň soňky keşdäňiz bolar. Ejiz towşan tüýräkbolsa ýagşy. Doňzuň arkasyny tüýüniň tersine däl-de, ugrunasypanyň ýagşy. Eger bu aňkasy aşan mähelläniň, aklyny aldy-ran adamlaryň gepine gitsek, biz ähli emlägimizem, özümizemheläk ederis. Maňa gepleşik geçirmäge ygtyýar edilmegini sora-ýaryn. Men bu kasamyňyzy kabul etmeýärin, ähliňizi hem beýleetmekden saklanmaga çagyrýaryn.

    Märekäniň arasyndan gazaply sesler ýaňlanyp başlady:—Ruslardan näçe hak aldyň? —Hemşerileriň kim? —Haçan

    dinden dändiň? — Dönük! — Haýyn! — Ruslary gyrmagyAtalyk bilen Orazmämmetden başlamaly!

    Adamlaryň sesinden olaryň ýetjek derejesine ýetendigi, çäk-den geçip, Atalyk bilen Orazmämmet hanyň bokurdagyna ýapy-

    18

  • şaýmagynyňam daş däldigi görnüp durdy.Şolardan soň geplän aksakgallar märekäni köşeşdirmek bilen

    boldular, Atalyk bilen Orazmämmet hanyň berýän maslahaty-nyň ak ýürekdendigine, olaryň watany goramaga taýýardygynaynandyrdylar. Ätiýaçlylyk hem seresaplylyk etmek gowy zatdiýdiler. Hemme kişini parahatlyga, pähim-paýhasa çagyrdylar,her bir adama, onda-da Orazmämmet han bilen Atalyk ýaly atly--abraýly adamlara öz pikirini, pähim-paýhasyny erkana aýtmagamümkinçilik bermegiň zerurdygyny nygtadylar. Eger şeýle edil-mejek bolsa, ondanam bir maslahat bolarmy diýdiler.

    Şeýlelikde, bu meseläniň düýp manysy babatda biri-birineçapraz pikirler orta atyldy hem aksakgallar belli bir karara ge-lip bilmediler, meseläni halkyň ygtyýaryna hödürlemeli, özemköpçüligiň erki azlyk üçin hökmany bolmaly diýen netijä geldi-ler. Köp müň adam gatnaşan maslahat biragyzdan diýen ýalyuruşmaly diýen netijä geldi. Hut şol ýeriň özünde öz obalarynyhem tirelerini bulaýan aýry-aýry aksakgallary hem olaryň obasy-ny talaňa salmaly, rus häkimiýetleri bilen aragatnaşyk saklaýanDykma serdaryň o6asy Börmäni talap ondaky maşgalalary Gök-depä göçürip getirmeli etdiler. Çulba baýyň öýüni ýumurmak,Köşi obasyny weýran etmek bellendi. Şübheliräk görülýän köpadamlaryň atlary agzaldy.

    Ýöne öýleri ýumurmaly, obalary weýran etmeli bolmady.Müň atlydan ybarat ýörite otrýad bilen Börme obasy talanan-dan soň, ikirjiňlenýän adamlaryň hemmesi köpçülige goşulyp,Gökdepe galasyna jemlenip başlady.

    Şu wakalardan soň ähli halk bolup kasam etmek baradakymesele öz-özünden çözüldi duruberdi. Märeke ilki bolup Oraz-mämmet han bilen Hanmämmet atalygyň ant içmegini talap etdi.

    19

  • Kasam şeýle ýagdaýda kabul edildi. Birnäçe işanlaryň, mollala-ryň, aksakgallaryň arasynda duran Kerimberdi işanyň öňündeelde göçürilen äpet gurhany goýdular. Kasam edýänler işan bi-len gurhanyň aralygyndan ýöne geçip gitse-de bolýardy, iki elinigurhana degrip, ýüzüne sylsa-da bolýardy. Agyr märeke:

    — Orazmämmet! Atalyk! — diýip, gygyryp başlady. Halkyňtalabyna boýun bolup, olar ilki kasam etmeli boldular.

    — Sen bir akmak halk ekeniň! — diýip, Orazmämmet hanaýtdy. — Özümiň akmak bolanym üçin däl-de, seniň akmakbolanyň üçin men şu kasamy kabul edýärin, şu ýerde-de ölerin.Özüňe abatlyk islemeýän bolsaň, senem ölmegi başar!

    Ol şeýle diýdi-de, gurhanyň gapdalyndan geçdi. — Men sizeAtalygyň namart däldigini subut ederin — diýip, Atalyk görgüliaýtdy. — Dinden çykan biz däldiris, dinden çykan akmak halkynähak ýola iterýän adamlardyr. Ine menem geçýärin!

    Müňläp-müňläp märeke başyny dik tutup, uly tertiplilik bi-len şondan soňky aýylganç wakalar bilen biziň aramyzda keseripýatan heläkçilik çäginden aňry ätledi.

    Bu gürrüňi edilen wakalardan has soň, Dykma serdar öz ýol-daşlary bilen ruslardan biziň tarapymyza gaçyp geçenmiş diýenhabar ýaýrady. Dykma serdar özüniň ruslaryň arasyna gitme-giniň sebäbini olaryň planlaryny, güýjüni biljek boldum diýipdüşündirdi. Ol indi bu işi gutaran hasap edýändigini, şonuňüçinem özüniň hem börmelileriň maşgalalarynyň ýesir alynma-gynyň düşünişmezlikden bolan zatdygyny aýtdy. Öz sözünegulak asan ähli adamlar bilen bilelikde ähli halkyň duran ýe-rinde durjakdygyna ynandyrdy. Onuň bu sözleri esasly diýlipbilindi hem ony saýry tutmak bes edildi. Dykma serdaryň söz-lerine görä, rus otrýadlaryna iki sany ýomut —Musa han bilen

    20

  • Molladüňder ýolbeletçilik edýärmiş. Dykma serdar Musa hanbilen dilleşenmiş, ol rus otrýadlarynyň planlary hakynda habarberip durjakmyş. «Kim Musa hana gabat gelse, ony atsyn, ýöneurmasyn. Molladüňder bolsa «kapyrlaryň donuna» giren adam,ol ruslara çyn ýürek bilen gulluk edýär. Her zat etmeli welin,onuň ýoguna ýanmaly» diýdi. Dykma serdaryň sözleri maglu-mat üçin kabul edildi. Özüniň soňky hereketleri bilen Serdar özwadasyny pugta berjaý etdi.

    Ruslar barha golaýlaşyp gelýärdi. Biziň bölek-büçek kiçijikatly toparlarymyz kem-käs iş bitirmän duranokdy, ýöne onuňduşmana ýetirip bilýän ullakan zyýany hem ýokdy. Galadanindi ýetip gelýän rus güýçleriniň öň hatarlary görnüp başlapdy.Aýgytly çaknyşyk öňdedi. Gorky-ürkimiz ýokdy, sebäbi entekköpçülik bolup, duşman bilen aýgytly çaknyşyp görmändik, şo-nuň üçinem hakykaty doly göz öňüne getirip bilmeýärdik.

    Biz şondan ozal ruslary diňe iki gezek görüpdik. Birinji ge-zek Buhara emiri kömege çagyranda, müň atlynyň hataryndaKetdegorganyň etegindäki söweşe gatnaşypdyk. Emir Muzaf-far ruslar bilen ýaraşyk barada gepleşik geçirip başlandan soňbiz öýümize gaýdypdyk. Ikinji gezek biz rus otrýadlary Uzynadanyň ýanynda gury ýere düşjek bolanlarynda olaryň üstüneçozupdyk. Şonda ruslar bizden gämilerine gaçyp gutulypdylar.Halk köpçüligi ruslary entek görmändi hem olar hakda bilýänzady ýokdy. Galadaky köp adamlar: «Gylyjymyz ruslara ötermi-kä? Olaryň näçe kellesi barka? Her bir orsuň näçe jany barka?»diýşip, öwünjeňlik bilen gürleýärdiler. Ozal uruş gören, rusla-ryň kimdigine belet adamlar öz ýoldaşlarynyň bolşuna sesleriniçykarman syn edýärdiler. Diňe olaryň käbiri «Ony basym özü-

    21

  • ňiz görersiňiz. Basym görersiňiz» diýen gysgajyk jümleler bilenjogap berýärdiler.

    Nurberdi hanyň uly ogly Berdimyrat han egni ýüpek don-ly, eli ýalaňaç gylyçly galanyň hemme ýerine, öň hatarlardakymergenleriň arasyna aýlanyp çykdy.

    — Allanyň dabaraly güni ýetip gelýär — diýip, ol aýdýardy.— Ol güni garşylamak, öňem telim gezek toý edişimiz ýaly, toýetmek gerek. Alla bizdendir. Ýeňsek, bize uly şöhrat garaşýar,ölsek — jennet. Şatlykly ýylgyryp, ýalaw ýaly gylyjymyzy syryp,duşmanyň üstüne şir kimin topulalyň. Mert boluň. Yza çekilmekýok, rehim-şepagatamýok. Ölmek üçin şu günden, şu günlerden,öňdäki şol aýgytly günden gowy gün ýokdur!

    Aýgytly günler golaýlaşýardy... Açyk howaly günüň ir sä-heri ýadyma düşýär. Aýmançalaryň birinde Gönübek bir toparaksakgallary hem dostlaryny daşyna üýşürip otyrdy. Ol ötenagşam düýş görendigini gürrüň berýärdi. Düýşünde Gönübekak çus eşejigini çapdyryp, günorta-gündogara tarap barýarmyş.Öňünde-de bir telär garalyp görünýärmiş. Eşejik ýüzüniň ug-runa şol teläriň üstünden uranmyş, ol hiç zat bolmadyk ýalyýoluny dowam etdirenmiş, Gönübek bolsa ýykylanmyş...

    Kim meniň bu düýşümi ýorup berjek? — diýip, Amangeldigöni oturanlara ýüzlendi. Hemme kişi sesini çykarman dymypotyrdy. Onsoň Gönübek özüniň iň ýakyn dostlarynyň birineýüzlendi hem onuň öz düýşüni ýorup bermegini haýyş etdi.

    — Isleseň ýoraýaryn — diýip, dosty jogap berdi. — Ýorupbilerin...

    — Gaty çynym bilen haýyş edýän — diýip, Gönübek janlan-dy.

    22

  • — Bu gezek ruslar bizi ýeňip bilenok — diýip, dosty düýşiýorup başlady. — Ýöne, Gönübek, sen ölýänsiň...

    — Ylahy omyn! — diýip, Gönübek sakgalyny sypap oturyşy-na üç gezek gaýtalady. — Sen bu düýşüň ýorgudyny bölek-bölekdüşündir — diýip, ol soňra dostuna ýüzlendi.

    — Ol çusja kiçijik eşeg-ä biz — diýip, dosty jogap berdi. —Sen halkyň sylagly adamy, onuň aýdymçysy, biziň durmuşymy-zyň ruhy daýanjy, şonuň üçinem ol eşegi sen münüp barýarsyň.Seniň münüp barýan eşegiň üstünden uran teläri bolsa biziňüstümize gelýän hem ýolumyzda keserip duran ruslar. Eşegiň te-läriň üstünden urmagy bolsa öňümizde duran aýgytly çaknyşyk.Eşegiň hiç zat bolman öz ýoluna gidibermeginden görnüşi ýaly,biz öňümizde duran päsgelçiligi ýeňip geçýäris. Seniň ýykylypgalmagyň bolsa, äşgär zat, biz soňky ýolumyzy sensiz dowametmeli bolýas — diýip, dosty düýşüň ýorgudyny tamamlady.

    — Ylahy omyn! — diýip, Gönübek ýene üç gezek gaýtalady,ýene sakgalyny sypady.

    Oturanlar düýşüň beýle ýorgudyndan nägile boldular, heý,şeýle günlerde hem şeýle zatlary aýtmak bolarmy?! Ýöne Gönü-begiň özi welin bu ýorgutdan kanagatlandy.

    — Şundan gowy, şundan dogry ýorgut ýok, bolubam bilmez,men başga ýorgudy islämogam— diýip, ol aýtdy.

    Şondan soň üç-dört gün geçdi. Hemme zat ruslaryň bu gün--erte galanyň üstüne döküljekliginden habar berýärdi. Olardanöňürtmek kararyna gelindi. Daň bilen hemmämiz jem boluphüjüme geçmegi, birden ruslar gala goragsyz tarapdan hüjümedäýende gaýtawul berer ýaly, galada diňe az sanlyja adam gal-dyrmagy şertleşdik. Ir agşamdan başlap, uzak gijesi bilen taýýar-lyk görüldi. Kim gylyjyny çalýardy, kim taýagyň ujuna gyrkylyk

    23

  • berkidip çalýardy, kim pyçagyny çalýardy, kim gyssagarada okguýýardy, kim däri taýýarlaýardy. Daňa golaý galanyň diwary-nyň daş ýüzündäki käliň içinde ýer-jaý ýokdy, nökerlerden ýaňahyryn-dykyndy. Şertli alamata eýerip, hemme kişi «Alla!» diýip,duşmanyň üstüne topulmalydy. Hemme kişi howsala bilen ga-raşýardy. Säheriň sergin şemaly öwsüp başlanam bolsa, entekgaraňkydy... Ahyry ýiti sykylyk ýaňlandy. «Al-la-a-a! Al-la!» di-ýen sesler müňlerçe gursakdan dyňzap çykdy. Gijäniň dartgynlyümsümligini ýaňlandyryp, sansyz gykylyk-galmagal uzaklaraýaýrap gitdi. Aýagy ýalaňaç, köýneginiň ýeňi, balagynyň gonjyçermelgi mähelle gara ergin bolup ruslara tarap eňip ugrady, nä-mälim garaňkylyga, syrly garaňkylyga siňip gitdi. Yzy üzülmän,topar-topar bolnup gygyrylýan «Al–la-a-a!» diýen zowwam ses-ler atyşygyň paýyrdysy bilen goşulyşyp başlady. Uzalyp gidýänduşman garymlary şol pursadyň özünde tüpeňlerden hemmitra-lezleriň agzyndan çykýan otdan ýaňa ýagtylyp gitdi. Başagaýlyk,başly-baratlyk bilen atýardylar. Toplar dymýardy. Nökerler gidipbaryşlaryna ýykylýardylar. Kim sessiz-üýnsüz ýykylýardy, kim«oh!» diýýärdi, kim «ah!» diýýärdi, kim süýkdürip gygyrýardy,çirkin gygyryp ýykylýanlaram bardy. Daş-töwerek ýykylýan nö-kerden doludy. Kimiň ýykylanyny, nädip ýykylanyny, ýaralanypýa-da ölüp ýykylanyny seljerer ýaly däldi.

    Aman galanlar öňe ylgaýardylar. Yzdan gelýänler ölenleriňjesedine, ýaralylara büdräp ýykylýardylar, ýerlerinden turup,ýene öňe ylgamagyny dowam edýärdiler.

    Ýolda ýykylanlar gaty köp boldy. Ýekeje ok hem boş geçenokdiýen ýalydy, sebäbi gaty üýşmek bolnup çozulypdy, märekehem inine ýaýrandy, hem öňi-ardy ýokdy. Ylgap barýan adam-laryň ok degip ýykylýany köp bolansoň, olaryň hatarlary barha

    24

  • seýrekleýärdi. Käýerlerde atyşyk kesilipdi, adamlaryň gykylygy,ýaraglaryň jarkyldysy, sögünç, nagra eşidilýärdi, bu biziňkileriňduşmanyň üstüne ýetendiginiň hem çapyp başlandygynyň ala-matydy. Basym garymyň uzaboýuna atyşyk kesildi, hemme ýer-de türkmenleriň sesleri eşidilýärdi, käte olaryň sesine ruslaryňdüşnüksiz gykylygy hem goşulýardy. Garymlardaky mergenle-riň birentegi çapyldy, birentegi ýaragyny taşlap gaçyp gitdi. Gözegörnüp gaçýanlaryň yzyndan kowýardylar. Adamlaryň köpüsigarymlarda güýmenip galdy, olar ýarag, ok gözleýärdiler, ölen-leriň aýakgaplaryny çykaryp alýardylar. Daş-töwerek ölülerden,ýaralylardan leýis bolup ýatyrdy, öli, ýaraly ruslar, türkmenler,iňňildi, — bu zatlaryň hemmesi jemlenip tamamlanyp barýangijäniň alagaraňkysyna duwlanan aýylganç kartinany emele ge-tirýärdi. Käbir adamlaryň sudury bir eýläk, bir beýläk ylgaýardy,birnäçeler bolsa gala tarap eňipdiler. Rus lagerinde nirelerde-dir bir ýerlerde howsalaly gykylyk, düşnüksiz sesler eşidilýärdi.Aradan birneme wagt geçenden soň, ruslar tarapyndan ýeneatyşyk başlandy, ýöne indi ol ullakan zeper ýetirip bilenokdy.

    Howa ýagtylyp başlady. Hemme zat aýyl-saýyl boldy. Ruslardiňe mergenleriň seýrek hataryny galdyryp, garankynyň içindegaty yza çekilipdirler. Biziňkileriň köpüsi gala tarap dolandylar.Kim olja alan ýaragyny getirýärdi, kim öleniň jesedini, kim ýara-lyny alyp gelýärdi, käbirleri bolsa hiç sebäp ýok ýerinden yzynadolanypdy. Garymlaryň içi öldürilen rus soldatlaryndan doludy.Kimiň kelle çanagy pytradylypdyr, kimiň garny silkilipdir, kimiňeli ýok. Özem her hili ýagdaýda ýatyrlar, hemmesiniň diýenýalam egin-eşigi sypyrylgydy. Türkmenleriňem jesedi dürli ýag-daýda sergi bolup ýatyrdy: kim ýüzin ýatyrdy, kim ýüplük ýalysüýnüp ýatyrdy, kim gapdalyna gyşaryp ýatyrdy. Haýsy ýanyňa

    25

  • seretseň, gan yzy bolup durdy.Biziňkileriň jesetleriniň bir bölegi gije gala äkidilipdi, bir böle-

    gi, has dogrusy, köpüsi henizem ýygnalman ýatyrdy. Ýatanlaryňbirnäçesinde henizem dirilik alamaty bardy. Jesetleri hem ýaraly-lary ýygnamak dowam etdirildi. Basym söweşmeýdany bütinleýarassalandy. Mergenler garymlara ýeke-ýekeden hem top tutupgelip başladylar. Olaryň birnäçesiniň elinde berdankasy bardy,batyr ýigitler olja alan ýaragyny ogluna, doganyna ýa-da başgabir ýakyn adamyna beripdiler. Olaryň köpüsiniň bolsa hyrlysybardy. Galanyň bir ol ýerinden, bir bu ýerinden biziň atlylary-myz çykyp başlady hem dürli tarapdan duşman sapyna tarapsüýşüp ugrady. Uzakdan topar tutuşyp duran atly kazaklar hemgörünýärdi. Toplardan ok atylyp başlandy. Top oklarynyň birnä-çesi galanyň içine ýa-da golaýyna düşýärdi, birnäçesi garymlaradüşýärdi.

    Daş-töwerek hereketden doludy. Biziň atlylarymyz kazakla-ryň yzyndan kowup gitdiler, pyýadamergenleriň oduna sezewarbolubam yzlaryna gaçdylar. Gunortanlar atly ýigitleriň bir topa-ry dolanyp geldi. Olar atly kazaklaryň yzyndan kowandyklaryny,kazaklaryň baştutanynyň hem türkmendigini gürrüň berdiler.Şol türkmeniň gaçyp barýarka zyňan zady diýip, bir bölejik ka-gyzy berdiler. Ruslaryň häli-şindi diýen ýaly dürli kagyzlarytaşlap durandygyny, ol hatlarda bolsa uruşman boýun egmegiňteklip edilýändigini aýtmak gerek. Ol hatlar haýbat atmak bilentamamlanýardy.

    Bir ýerden sowatly adam tapyp getirdiler. Ol hat Musa han-dan eken. Ol hatynda ruslaryň şu gün aýgytly hüjüme geçmegiýüreklerine düwendigini, şonuň üçinem söweşe taýýar bolupdurmagy maslahat berýärdi. Hatyň mazmuny galadaky ähli

    26

  • adamlara, galanyň diwarynyň daş ýüzündäki mergenlere ýetiril-di.

    Şehit ölenleri ýuwup-artyp oturman, geýimi bilen jaýlaýmalybolansoň, bu iş aňsatlaşýardy, şonuň üçinem aradan kän wagtgeçmänkä, jaýlanmadyk ýekeje jesedem galmady. Gaty köp ýara-lylar tümlerde hem öýlerde iňleşip ýatyrdylar. Aýallary hem ga-ryndaşlary olaryň daşynda pelesaň kakýardylar. Ýöne hekimden,däri-dermandan peýda ýokdy, hemme zat bedeniň düşen ýaraçydam edip biljegine-bilmejegine, ýaranyň agyrlygyna ýa-da ýe-ňilligine, ok ýarasydygyna ýa-da naýza ýarasydygyna baglydy.Kysmaty dolan bolsa öler, ýogsa-da diri galar diýip, adamlar öz--özlerini köşeşdirýärdiler, umyt edýärdiler. Adamyň sanalgysydolmadyk bolsa, däri-dermanam häki bir sebäpdir, kazasy dolanbolsa-da däri-dermandanam peýda bolmaz diýýärdiler.

    Toplaryň hem tüpeňleriň atylyşy güýçlenip başlady. Uzak-dan görünýän gaýda-gaýmalaşyk, öň hatardaky mergenleriňhatarlarynyň gürelmegi Musa hanyň duýduryşynyň dogrudygy-ny tassyklaýardy. Dolanyp gelen atly ýigitlerem ruslaryň söweşetaýýarlyk görýändigini tassykladylar. Ähli mergenleri galadandaşary çykaryp, amatly ýerlerde ýerleşdirmek, men diýen mer-genleri saýlap almak kararyna gelindi.

    Her zada garaşybermeli pursat geldi. Mergenleriň ýerleşenýerine suw, azyk eltip gelen adamlar ruslaryň adatdan daşarygüýçli ot sowurýandygyny, mergenleriň köp ýitgi çekýändigi-ni habar berdiler. Goşmaça güýç gerekdigini, sebäbi ruslaryňgüýçlerini jemläp, barha öňe omzaýandyklaryny aýtdylar. Biziňmergenlerimiziň oky olara ýetmänsoň, olar arkaýyn hereket ed-ýärmişler. Diňe olaryň käbiri biziň berdankalarymyzyň okundanheläk bolýarmyş, ýöne berdanka bizde juda azdy.

    27

  • Mergenler hem söweşe döwtalap beýleki adamlar topar-toparbolup ýa-da ýekelikde öz saýlap alan ýerlerine gidýärdiler. Ga-lada diňe sowuk ýaragly adamlar galdylar. Olara biziň mergen-lerimize kömek gerek bolaýan halatynda galanyň diwarlarynyňdaş ýüzündäki käliň içinde häzir bolmak tabşyryldy.

    Biz dessine özümiziň ýeke-täk topumyzy Dinlidepäniň üs-tüne çykarmak bilen bolduk. Birnäçe top okuny guýan Abdyllaussa topy atmaga taýynlanyp başlady. Biz gaty köp adam bolup,bilesigelijilik bilen topuň atylyşyna syn etmek üçin depäniň üs-tüne çykdyk. Mazaly taýýarlanandan soň, nyşana alyp, Abdyllaussa topy güwledip goýberdi. Dürli tarapdan «Ja-an! Ja-an!»diýen sesler ýaňlandy. Topuň nilinden çykýan goýy tüsse daş-tö-weregi gabsap aldy. Tüsse dargaşansoň, Abdylla ussa ony ikinjigezek atmaga taýýarlanyp başlady. Ýene-de şol öňki gümmürdi,ýene-de şol öňki tüsse, ýene-de şol öňki begençli sesler.

    Ruslar agyr märekäniň depäniň üstünde üýşmek bolup dura-nyny görüp, bize tarap birnäçe top okuny gönderdi. Top oklarybiziň golaýjagymyzda ýaryldy, onsoň biz dargamaga mejbur bol-duk. Diňe Abdyllanyň ýeke özi atmagyny dowam etdirmägesynandy. Ýöne mergenleriň ýatan ýerinden bir adam Abdyllaussa top atmasyn diýen haýyş bilen geldi, sebäbi onuň oklaryzordan mergenleriň üstaşyr geçýärmiş, olar özümiziňkiler üçinhowplumyş, ruslara edip bilýän zady ýokmuş. Dogrudanam,top okunyň atylyp barşyny-da synlap durmalydy, onuň öňündensowlubam ýetişmekmümkindi! Biz topumyzdan köp zada garaş-ýardyk, ýöne ony ulanyşymyz şunuň bilen tamamlandy. Ol topsoň-soňlaram depäniň üstünde idi-yssywatsyz uzak wagtlap ýat-dy. Öň hatarlardaky mergenler biri-birinden eýmenç habarlar ge-tirýärdiler. Uly ýitgiler çekýändigimizi, ruslaryň uly güýçleriniň

    28

  • barha golaýlaşýandygyny, ýagdaýyň bütinleý üýtgäýmeginiňäşgär bolup ugrandygyny aýdýardylar.

    Günortana golaý tüpeňlerden hem toplardan ok atylyşy ýet-jek derejesine ýetdi. Mergenler bilen galanyň aralygynda biziňmergenleriň ýatan ýerine gelýärkä ýa-da ol ýerden barýarka okdegen adamlarymyzyň jesetleri görünýärdi. Aýallar, çagalarhem gojalar: «Yslama kuwwat ber!» «Ýa hudaý!» diýşip, alla-ha ýalbarýardylar. Käbir aýallar arkalaryna suwly meşik ýa-daçörekli torba alyp, galadan garymlara tarap ylgaýardylar. Okolary hem aýap durmaýardy. Birnäçeleri bolsa sag-aman yzynadolanyp gelýärdi.

    Günortandan soň top atylyşy has güýçlenip, tüpeň atylyşybirneme kiparlady. Birdenem garaşylman durka «Ura-a-a! Ura-a--a!» diýen sesler howany ýaňlandyryp gitdi. Ruslar naýzalarynygezäp topuldylar. Biziňkilerem «Al-la-a-a!» diýip, källerden hemçöketlerden çykyp öňe eňdiler. «Ura!» hem «Alla!» diýen seslergoşulyşyp, güwläp durdy, ýarylýan granatlaryň sesi hem şolgüwwüldä goşulyp gidýärdi. Biziňkiler ylgap ýetýänçäler, rus-lar biziň mergenlerimiziň ep-esli bölegini paýhynladylar hemgarymlary eýelediler. Mergenleriň bir bölegi gala tarap gaçypgaýtdy. Ruslar ýakyn aralykdan biziň topar tutup barýan adam-larymyzyň üstüne ajal oduny ýagdyrdylar. Şol «alla!» hem «ura!»diýen sesler henizem howany dolduryp durdy. Biziň hatarla-rymyz seýrekleýärdi. Biziň hüjüme geçen adamlarymyz bilenmergenleriň pozisiýalaryndan gaçyp gelýän adamlar garyşanda,aljyraňlylyk başlandy. Biziňkileriň bir bölegi ruslaryň üstüneylgamagyny dowam etdirdi, bir bölegi ýaýdanyp aýak çekenýaly boldy.

    29

  • Gönübek hem hüjüme barýanlaryň arasyndady. Ruslar bi-ziňkileriň aljyraňa düşenini görüp, garymlardan ylgap çykdy-lar-da, olaryň üstüne eňdiler. Alla!.. Ura!.. Alla!-. Ura!.. Günüňgünortany ruslar bilen türkmenler döwüş gurup başladylar. Biriçapýardy, biri sançýardy, biri atýardy. Şakyrdy, düňküldi, goh,gümmürdi, çirkin sesler, iňňildi dynman ýaňlanýardy, niräňebaksaň, gan akýardy, ruslaryň hem türkmenleriň jesetleri çaşypýatyrdy, türkmenleriňki köpdi... Ruslaryň sany barha artýardy,yzdan çaltlyk bilen täze güýçler gelip ýetişýärdi. Top hem tüpeňatylyşy ýetjek derejesine ýetipdi, bütin dünýä elhenç gümmür-dä gaplanyp duran ýalydy. Biziň hatarlarymyza aljyraňlylykaralaşypdy, ruslaryň bolsa ruhy göterilen ýaly bolupdy. Biziňkäbir adamlarymyz yzlaryna gaçyp başladylar. Ruslaryň gyky-lygy has güýçlendi. Gala tarap gaçýanlaryň sany barha artýardy.Ruslaryň yzyndan kömege gelenler öň hatardakylar bilen go-şulyşdylar. Sähel salymdan soň hemme kişiniň ýüzi gala tarapöwrüldi. Öňden kä onda, kä munda ýykylanlaryny taşlap, türk-menler gaçyp barýardylar, yzlaryndan bolsa üstünlikden gylawalan ruslar arany ýygryp gelýärdiler. Indi diňe «Ura!» diýensesler eşidilýärdi... Ruslaryň hemmesi duran-duran ýerinden,dürli aralykdan gala tarap eňipdiler. Biziň heläk boljagymyz ikiuçsuzdy. Aýry-aýry adamlar, aksakgallar näçe gygyrsalaram,gaçyp gelýän mähelläni yzyna dolap biler ýaly däldi. Ruslaryňýeňşi äşgär boldy.

    Giden meýdan dürli ýagdaýda ýatan maslykdan doludy,aňyrrakda rus hem türkmen maslyklary garym-gatym ýatyrdy,galanyň diwarlaryna golaýlaşdygyça, diňe türkmenleriň maslyk-lary ýatyrdy. Gala gaty golaý galypdy. Ruslar biziňkiler bilenbile gala kürsäp uraýjak ýalydy. Galanyň içindäki başagaýlyk

    30

  • gaty uludy. «Näme üçin siz bizi bu ýere ýygnadyňyz?», «Nä-me üçin kelläňize telpek geýip, sakgalyňyzy ösdürip ýörsüňiz?»,«Namartlar!» diýip, üýtgeşik howsala düşen aýallar gygyryşýar-dylar. Käbirleri bolsa başlaryndan sypyryp alan gyňaçlarynygalgadyp, «Biziň arkamyzda gizleniň!» diýip gygyrýardy. Köpaýallar gaçyp gelýänleriň öňünden çykmak üçin ylgadylar.

    Ahyrky pursat golaýlap gelýärdi. Galada gaçyp gelýänleriňöň hatary öň bu ýerde duran adamlar bilen gatyşdy. Adamlaruly basga düşüpdiler. Gykylyk, agy-nala, aljyraňly urunma, ça-galaryň agysy... «Ýör, ýör! Alla, haýda, durma... Alla-a-a» diýensesler eşidilýärdi. Gykylyk-galmagal artdy, birdenem garaşyl-man durka märeke özleriniňkiniň hem ruslaryň öňünden ylgady.Öňe hem-yza ylgaýanlaryň tolkuny sepleşdi, türkmenleriň mä-hellesi artdy. Sähel pursat ýaýdanyp aýak çekdiler... Aýallarýaglyklaryny galgadyp gygyryşýardylar... «Al-la-a!.. Ura–a-a!Al-la-a!»... Ýene-de bar märeke ruslaryň üstüne eňdi. Zor salny-şy şeýle bir güýçlüdi, öňe eňenleriň sany şeýle bir köpdi, ruslaragyr märekäniň arasyna çümüp gitdi. Olaryň köpüsi çapylyptaşlandy, sähel bölegi yzyna gaçdy. Indi ters ugra ylgaýardylar,ylgaýanlaryň tertibem öňkiniň tersinedi, — öňden ruslar, yzdantürkmenler barýardylar. Gaçyp barýan ruslaryň sany artýardy,sebäbi olara kömege gelýän täze güýçlerem goşulyşyp yzynagaçýardy. «Alla!» diýen sesler güýçli ýaňlanýardy, «Ura!» sesleriysgynsyz eşidilýärdi. Sähel salymdan soň bolsa «Ura!» sesle-riniň eşidilişi düýbünden kesildi. Türkmenleriň maslygynyň,ruslaryň hem türkmenleriň maslygynyň, diňe ruslaryň maslygy-nyň üstünden geçip, agyr mähelle öňe süýşüp barýardy, birilerikowýardylar, beýlekileri janyny halas etmek üçin gaçýardylar.Toplardan ok atylmasy kesildi. Onda-munda ruslary kowup

    31

  • barýan atly toparlarymyz görnüp başlady. Kazaklaryň olaryňöňünde durjak bolmak synanyşygy netijesiz boldy. Ruslaryňhatarlary çagşap başlady. Biziň ýeňşimiz äşgär görnüp durdy.Ruslaryň maslyklarynyň sany barha artýardy. Gaçyp barýanla-ryň söbügini sydyrdyp, baryny gyryp gutarmagam mümkindi.Alysdaky artilleriýa pozisiýasyny taşlap gitmek bilendi. Ruslargalanja güýçlerinden mergenleriň hataryny düzüp, daýanç edin-mekçi boldular. Biziňkileriň bir topary ruslaryň taşlap gidenýaraglaryny, okly peşeňlerini ýygnap, yza galdy.

    Gün ýaşara golaýlap barýardy. Adamlar halys tapdan düşüp-diler. Kowup barýanlaryň sany ilki birnäçe ýüze, soňra birnäçeonluga çenli azaldy. Garaňky düşüp başlady. Kowgy bes edildi.Atyşyk sesi düýbünden eşidilmeýärdi. Alagaraňkyda üýşüşipoturan adamlar, yzyna ýöreşip gelýänler, meýdanda alakjap,rus maslyklaryny sermeşdirip ýörenler görünýärdi. Kä ondan,kä mundan ýaralylaryň iňňildisi eşidilýärdi. Meýdanda ýakynadamlarynyň jesedini gözläp ýören aýallaram peýda boldy, olardiri galanlara gözüň aýdyň diýýärdiler. Adamlar biri-birleriniňatlaryny tutup gygyryşýardylar, diri galanlary tükelleýärdiler.Ölenleriň jesedini, ýaralylary göterip, topar tutup gala tarap bar-ýan adamlaryň sudury garalyp görünýärdi. Meýdanyň içindäkihereket uzakly gije hem kesilmedi. Söweşe gatnaşanlar gala do-lanyp gelýärdiler, aýallardyr jesetleri hem ýaralylary ýygnamaküçin bellenen adamlar bolsa galadan çykyşyp barýardylar. Ertireçenli çukura zada gaçyp ýa-da ruslaryň jesetleriniň astyna dü-şüp galan birlän-ikilän adam bolaýmasa, meýdanda biziňkileriňýygnalmadyk jesedi galmandy. Öldürilen soldatlar bolsa bütintöwerekde serlişip ýatyrdy.

    Gijäni garaşyp geçirdik. Diňe ertir ir bilen ruslaryň galanja

    32

  • güýçlerini alyp gidendikleri hakdaky habary eşidenimizden soňýeňendigimize çynymyz bilen begendik. Birek-biregi gutlamak,çäksiz begenç, çekilen köp pidalaryň yzasy — hemme zat ga-rym-gatymdy, galany goraýjylar şeýle alasarmyk hem çaprazduýgulary başdan geçirýärdiler. Atlylar ir bilen topar tutup, yzaçekilýän ruslaryň yzyndan olja üçin ugradylar. Hut şol günüňözünde ýene-de şol Musa handan täze habar alyndy. Ruslarbütinleý gitmegi ýüreklerine düwüpdirler. Bu habary eşiden-lerinden soň, atlylaryň täze toparlary gaýdyp barýan ruslaryňyzyndan gitdiler. Ygtyýar olaryň özündedi, näme etseler ediber-melidiler, ýöne ruslara zeper ýetirseler bolýardy.

    Soň diri galanlaryň gürrüňlerinden mälim bolşuna görä, Gö-nübek ýaragsyz eken, özem mergenlere kömek bermäge topulanilkinji toparyň arasynda eken. Şol wagt hem ýagdaý bütinleýözgerýär. Ruslaryň güýjüniň agdyklygy äşgär bolýar. Türkmen-ler yza gaçyp başlanlarynda Gönübek olary mertlige, gaýduw-syzlyga çagyrypdyr. Ýöne onuň töwellasy, ýalbar-ýakary netijebermändir. Gönübek:

    — Duşmanyň gala girenini hem haram eli bilen biziň maş-galalarymyza batyranyny bir görmäýin! — diýipdir-de, aýakçekipdir, teýim edipdir, dyzyna çöküp, kyblasyny garap oturyşy-na kelemesini öwrüpdir. Biz derbi-dagyn edilen ruslary kowupbarýarkak, onuň jesedi şol oturan ýerinde, şol maňlaýyny ýe-re degrip ýatyşyna ýatan eken. Görgüli gürrüňsiz biziň işimizgaýtdy hasap edipdir, şonuň üçinem iň soňky aýylganç çözgüdi,ruslaryň gala girenini görmek islemändir. Ony şol ýatan ýerindejaýlamak kararyna gelindi, şeýle-de edildi. Şeýdip, onuň görendüýşi, onuň ýorgudy oraşan bolup çykdy.

    33

  • Şehit bolanlaryňam, ýaralananlaryňam sany biçak kändi. Ýe-ňiş bize juda gymmat düşdi. Ölenleriň arasynda Berdimyrathan (Dislidepäniň ýapgydynda jaýlandy), Dykma serdaryň oglyHanberdi serdar bardy. Şehit bolanlaryň hemmesiniň adyny ýe-keme-ýeke sanap çykmak mümkin däl, olaryň hemmesi watany,dini hem maşgalasyny gorap wepat boldy.

    Gönübegiň ölümi onuň nähili adamlygynyň, türkmençiligenähili ynanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Onuň ölümihem gazanan ýeňşimiz bilen biz täze ýola gadam basdyk, şol günbiziň erkana hem öz-özümizden göwnümiz hoş durmuşymyzyňiň soňky güni boldy. Ondan soň tragiki täze durmuş başlandy.

    Şondan soň ikinji, üçünji gün duşmany ahyryna çenli mynjy-ratmak üçin agyr atly goşun ibermek kararyna gelindi. Kiçijikatly toparlar ruslaryň transportundan käbir zatlary basyp alma-gy başarypdylar, kazaklar bilen ownuk çaknyşyklara giripdiler,ýitgi çekselerem, ruslara ujypsyzja zeper ýetirip bilipdiler. Ruslargalan güýçlerini tertibe salypdylar, şeýle ýagdaýda hem iňňänseresaplylyk bilen yza çekilmeklerini dowam etdirýärdiler.

    Müň ýaryma golaý atly ruslaryň yzyndan kowgy gitdi. Bugüýçlere hem ruslara ullakan zarba urmak başartmandy, diňekerwenleri talamak, üzülip galan kiçijik kazak toparlaryny ýoketmek bilen çäklenipdiler. Ruslary gözünden ýitirmän, olara ulywehim salyp, bu atly otrýad olary Gyzylarbada çenli «ugratdy».Ruslar ondan aňyrlygyna gitdiler. Mundan aňryk olaryň yzynadüşmek bes edildi. Käbir batyr ýigitler kiçijik toparlar bolup,ondanam aňryk gitdiler.

    Gyzylarbadyň golaýynda kazaklar bilen bolan bir çaknyşyk-da birnäçe kazak bilen birlikde olaryň ýolbeledi türkmen Mol-ladüňder hem ýesir düşüpdir. Kazaklary şol ýeriň özünde öl-

    34

  • düripdirler, Düňderi bolsa Gyzylarbada alyp gelipdirler. Onuňkimdigini tananlaryndan soň, onuň üçin «dowzahy şu dünýe-de ýasamaly» edipdirler. Ullakan tamdyrda ot ýakypdyrlar-da,Molladüňderi baş-aşaklygyna oduň içine taşlapdyrlar. Şeýdipdiňe dönüklik eden, ruslara satylan hem özüniňkileri ruslarasatan haýyny oda ýakypdyrlar.

    Otrýadlar gala dolanyp geldiler. Galanyň diwarlarynyň be-ýikligini hem galyňlygyny doly gurup gutarmaklyk karar edildi.Gum içinden täze maşgalalar göçüp gelip başlady. Ýaralylaryňgutulany gutuldy, öleni öldi.

    Marydan Nurberdi han gaýdyp geldi. Ol biziň urşumyzyňbütin dowamynda syrkaw ýatypdy. Nurberdi han Berdimyrathanyň wepat bolanlygyna gaty begenýänligini mälim etdi.

    — Ähli adamlar üçin şeýle agyr günde men pida çekmedikbolsam, bu meniň üçin ullakan masgaraçylyk bolardy — diýdi.— Gönübegiň ölümi maňa has agyr degdi. Bu biziň üçin ornydolmajak ýitgidir. Başga Gönübek dünýä inmez.

    Diňe gazanylan ýeňşiň iňňän möhümligine akyl ýetirilmegiçekilen uly ýitgileriň yzasyny az-kem gowşadýardy. Han tutuşgala aýlanyp çykdy, galany goraýjylaryň hemmesiniň ýanynabardy, diri galanlary ýeňiş bilen gutlady, ölenleriň jaýynyň jennetbolmagyny arzuw etdi.

    Nurberdi han az sanly aksakgallaryň gizlin maslahatyndamundan beýläk näme etmelidigi hakdaky meseläni gozgady.Garşylyk görkezmegiň kynlygy, çekilen ýitgileriň möçberiniňummasyzdygy aýan boldy. Orazmämmet han bilen Atalyk para-hatçylykly gepleşiklere girişmek hakdaky öňki pikirlerini gaý-taladylar. Göreşi dowam etdirmegiň tarapdarlary hem boldy.

    35

  • Halk köpçüliginiň arasynda hiç hili gürrüň geçirmän, bir howagaraşmak kararyna gelindi. Ruslar gidip, dolanyp gelmeseler,onda ýagdaý öňküligine galýar, eger ruslar täze güýç toplap gaý-dyp geläýselerem, «halkyň arkasyndan» olar bilen gepleşiklerebaşlamaly, göreş ýagdaýynda iň gowy şertleri goýmagy gazanjakbolmaly diýdiler. Hiç hili birtaraplaýyn gepleşikleri geçirmeli däledildi. Halkyň söweş ruhuny goldamaly, gepleşikleri Nurberdihan alyp barmaly edildi. Kabul edilen bu karary pugta gizlinsaklamaly diýen netijä gelindi.

    Bu pikire hötjetlik bilen garşy çykan, hiç bir zada garamazdangöreşi dowam etdirmegi talap eden käbir aksakgallaram boldy.Nurberdi han olara:

    — Görübereris — diýip jogap berdi, şunuň bilenemmaslahattamamlandy.

    Urşuň tarapdarlary hem, uruşmaga garşy bolýanlaram hanyöz tarapdary hasaplaýardy, iki tarap hem oňa uly umyt baglaýar-dy, onuň at-abraýyna bil baglaýardy, onuň at-abraýy dürli pikiredýän adamlary hanyň zerur hasap eden bir kararyna getirmelidiýip hasap edýärdi.

    Gündizlerine-de, gijelerine-de adamlar galanyň bir o ýerine,bir bu ýerine ýygnanýardylar, hemme kişi gürrüň berýärdi, hem-me kişi diň salýardy. Bolup geçen wakalar entek juda täzedi hemözüniň garaşylmadyk netijesi babatda beýik mana eýedi. Bütinsähra, ähli goňşy ýurtlara biziň ruslar bilen uruşda gazanan ýeň-şimiz hakdaky habar ýaýrapdy, biziň ýeňşimiz bolşundanamhas ulaldylyp görkezilýärdi. Bu zatlaryň hemmesi entek uruşdabolup görmedik adamlary, bagty getirip aman galan adamla-ry, şeýle hem tä Mara çenli biziň ähli garyndaşlarymyzy göreşegalkyndyrýardy.

    36

  • Basym Nurberdi han öldi, ony ruslaryň iberen adamlary awyberip öldürdiler. Umuman, ruslar şowsuzlyga uçranlaryndansoň, parslardan, özbeklerden, tatarlardan hem başgalardan biziňaramyza öz jansyzlaryny iberip durýardylar. Nurberdi hanyňölmegi bilen Ahaly goramakda hem il-gün hakda alada etmek-de uly at-abraý gazanan adamdan mahrum bolundy. Tähranbilen Buhara ony Ahalyň hakyky hany diýip ykrar edipdi. Onyköpçülik birnäçe gezek han saýlapdy, birnäçe gezek hanlykdankowupdy, ýöne şonda-da ony hemişe hormatlaýardylar hem yk-rar edýärdiler. Bizi soňky başymyza düşen keç ykbaldan diňe olgorap saklap biljekdi, onuň diýenine däl diýip biljek adam ýok-dy. Orazmämmet han bilen Atalyk ruslar bilen parahatçylyklygatnaşyklary ýola goýmaga ýene synanyşyk edende welin, öňkigarşylyklar ýene gaýtalanypdy. Gala gutarnykly ýumrulanda,ol uzak wagtlap gabalanda hem hüjüme geçilmezinden ozal ga-lanyň diwarynyň esli bölegi partladylanda Orazmämmet han,Kerimberdi işan, Hanmämmet atalyk wepat boldy.

    * * *Aradan köp ýyllar geçensoň, 1900-nji ýyllar töwereginde Za-kaspi oblastynyň naçalnigi hem goşun komanduýuşisi generalKuropatkin adatyna görä obalara aýlanyp ýörkä, bir goja bilengürrüňdeş bolup, ondan:

    — Gökdepäniň diwarlarynyň eteginde näçe türkmen gyryl-dy? — diýip sorapdyr.

    —Üç—diýip, goja jogap beripdir. General gaýtalap soranda,goja ýene öňküsi ýaly:

    — Üç — diýip jogap beripdir.Kuropatkin goja öz soragyna düşünýän däldir öýdüpdir, di-

    37

  • ňe ruslaryň özüniň bäş müňden gowrak wepat bolan türkmenijaýlandygyny, özüniň gala alnanda öldürilen türkmenleriň tak-mynan sanyny bilmek isleýändigini aýdypdyr. Goja edil öňküsiýaly:

    — Üç — diýip gaýtalapdyr. Gürrüňdeşiniň alasarmyk ýag-daýda galandygyny duýan goja soňra dilmaja ýüzlenip şeýlediýipdir. — Sen ýanarala aýt, men onuň soragyna düşünýärin,ol ýere duwlanan ähli adamlaryň umumy sany hakda aýdýar.Wepat bolan gaty köp adamyň jaýlanandygy hak, ýöne heleýle-rimiz olary hut şol günüň ertesi dogurdylar. Meniň gürrüňiniedýän üç adamym bolsa ýok, hiç wagt bolmazam.

    — Ol üç adam kim?— Amangeldi göni, N. bilen N.

    38